Forbes: Facebook-daky global näsazlyk sebäpli Sukerbergiň ýitgisi 6,4 mlrd dollar

  • 06.10.2021 08:19
  • 5.4k+

Facebook amerikan kompaniýasyny esaslandyryjy Mark Sukerbergiň baýlygy bir günde 6,4 mlrd dollar azaldy. Şeýle maglumatlar “Forbes” žurnalynyň saýtyndaky The World’s Real-time Billionaries bölüminde ýerleşdirildi. Bu barada TASS habar berýär.

Reýtinge görä, Aşgabat wagty bilen sagat 23:56-da kompaniýanyň paýnamalary 5,59% pese düşdi, Sukerbergiň ýitgisi bolsa 6,9 mlrd dollar boldy. Sagat 0:19-daky maglumatlar boýunça, kompaniýanyň paýnamalarynyň pese gaçyşy 5,24% boldy, Facebook-y esaslandyryjynyň baýlygy bolsa 6,4 mlrd dollar azaldy. Şeýlelik bilen, Sukerberg sanawda dördünji orundan altynjy orna düşdi. 

Meşhur internet çeşmeleriniň işine gözegçilik ediji Downdetector serwisiniň maglumatlaryna görä, duşenbe güni ulanyjylar Facebook we Instagram sosial ulgamlarynyň, şeýle-de WhatsApp messenjeriniň işinde global näsazlygyň bolandygyny habar berdiler. Bu sosial ulgamlar we messenjer näsazlyklar baradaky maglumaty tassyklan we olary düzetmegiň üstünde işleýändigini habar beren Facebook amerikan kompaniýasyna degişlidir. 


24.01.2026 09:42
1.3k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

17.01.2026 15:15
2.6k+

Mark Sukerberg işgärleri üçin 300%-e çenli bonuslar ulgamyny girizýär

Şu ýyl Mark Sukerberg Meta kompaniýasynda iň gowy işlänler üçin täze bonuslary we işiň netijelerini bahalandyrmak ulgamyny girizýär diýip, Business Insider habar berýär. Bonuslaryň möçberi dürli ölçeglere esaslanar...

10.07.2025 23:31
2k+

Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi

Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener...

03.07.2025 14:58
2.5k+

Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi

Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder...