Türkmenistan ‒ Özbegistan: serhetýaka söwda zolagy dörediler

  • 06.10.2021 07:57
  • 12k+

Türkmenistan we Özbegistan serhetýaka söwda zolagyny döreder. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşkende saparynyň jemleri boýunça özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagyny döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda degişli Ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň president.uz saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, serhetýaka söwda zolagyny döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyk goňşy sebitlerde Söwda merkeziniň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Duşuşygyň dowamynda: «Serhetýaka söwda zolagyny döretmek hakynda Ylalaşyk hem-de Özbegistanda we Türkmenistanda öndürilýän, iki ýurduň bazarlarynda-da isleg bildirilýän  bäsdeşlige ukyply harytlaryň üçünji ýurtlardan importyny çalşyrmak boýunça gelnen ylalaşyk özara haryt dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer» diýip, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew belledi.

Ýeri gelende nygtasak, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda şu ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygynyň möçberi 25 göterim ýokarlanyp, 400 million dollardan geçdi. Iki dostlukly ýurt bu görkezijini görnetin artdyryp, geljek ýyllarda onuň möçberini 1 milliard dollara ýetirmegi göz öňünde tutýar.


şu gün 07:42
149

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......