Onlaýn usulda türkmen-rumyn syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 06.10.2021 07:34
  • 2.6k+

5-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň DIM-niň degişli departamentleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň DIM-niň ilçisi, baş direktory Dan Ýanku ýolbaşçylyk etdi. Maslahatlaşmalaryň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky, şol sanda bilim pudagyndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşdyldy.

Taraplar Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag geçelgeleri babatynda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler, çünki bu ugurda ýurtlaryň ähmiýetli mümkinçilikleri bardyr. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň işjeňleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň has-da giňeldilmegi nobatdaky geňeşmeleriň derwaýys ugurlaryny düzdi. 


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......