Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanda resmi saparda bolýar

  • 05.10.2021 10:40
  • 18k+

4-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna ugrady. Türkmen Liderini uçaryň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Soňra türkmen we özbek Liderleriniň awtoulag kerweni howa menzilinden Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýän Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna tarap ugrady. Granit daşyndan bina edilen bu ýadygärlikde Özbegistanyň çäkleri görkezilen Ýer togalagy şekillendirilipdir. Binanyň ýanynda “Bagtyýar ene” diýen ýene bir ýadygärlik oturdylypdyr. Onda elinde perzendini saklaýan enäniň heýkeli goýlupdyr. Çuňňur many-mazmuna beslenen enäniň bu keşbi nesilleriň dowamatlylygyny, köpasyrlyk milli ýörelgelere hem-de ruhy gymmatlyklara aýawly çemeleşilmegini aňladýar hem-de bu ýörelgeler häzir hem özbek halkynyň agzybirligini we jebisligini üpjün edýär.

Belent ýadygärligiň etegine gül dessesini goýmak dabarasy tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Baştutany Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde awtoulagda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.

Şu gün — 5-nji oktýabrda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler, onuň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew taraplaryň mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de bar bolan kuwwatlyklaryň has doly durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçiliklere gararlar.


şu gün 07:42
149

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......