Türkmenistanyň biržasynda 21 mln dollarlyk 28 geleşik baglaşyldy

  • 04.10.2021 14:07
  • 7.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 21 million 218 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we göni arassalanan benzini, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli kysymly awtoulaglar, float list aýnasy, nah ýüplük, bakja önümleri ýerlenildi. Olary Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Ukrainanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň telekeçileri satyn aldylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 5 million 628 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri 813 müň manatlyk dürli görnüşli mator ýagyny satyn aldylar.


düýn 20:14
890

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.5k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
1.8k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....