Bahreýnli ýeňil atletikaçy täze dünýä rekordyny goýdy

  • 04.10.2021 13:42
  • 8.7k+

Bahreýnli ýeňil atletikaçy Kalkidan Gezan 10 km aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasynyň (World Athletics) metbugat gullugyna salgylanyp, Trend habar berýär.

Ýaryş Ženewada geçirildi. Türgen bu aralygy 29 minut 38 sekuntda geçdi. Mundan öňki rekord keniýaly Joýsilin Jepkosgei tarapyndan (29.43) goýlupdy.
Kalkidan Gezan 30 ýaşynda. Ol Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 10 000 m aralyga ylgamakda kümüş medal gazandy.


düýn 23:43
4.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....