Pekinde pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylda ýatyrylan marafon geçiriler

  • 04.10.2021 11:28
  • 2.4k+

Pekin marafonyny gurnaýjylar 31-nji oktýabrda koronawirus pandemiýasy sebäpli geçen ýyl ýatyrylan ýyllyk köpçülikleýin ylgaw ýaryşyny geçirmek kararyna geldiler. Bu barada Sinhua agentligine salgylanyp TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, ýaryş Týananmen merkezi meýdançasynda ýerli wagt bilen irden sagat 07:30-da başlar. Marafona 30 müňe golaý adam gatnaşmagy meýilleşdirýär. Pellehana Olimpiýa tokaý seýilgähinde bolar.

Çäre, takmynan, alty sagat dowam edip, oňa 20 ýaşdan uly, Pekinde ýaşamak üçin rugsatnamasy bolan HHR-iň raýatlaryna gatnaşmaga rugsat berilýär. Gatnaşmaga isleg bildirýänler ýaryş başlamazdan öň 21 günüň dowamynda Pekiniň çäginden çykmaly däl, şeýle-de olaryň her gün onlaýn režiminde saglyk ýagdaýlaryny täzeläp durmagy talap edilýär. Mundan başga-da, bildirilýän talaplaryň arasynda koronawirusa garşy sanjym we ýaryş başlamazdan 72 sagat öň geçirilen PZR-barlagy bar. 

Ýaryşa Hytaýyň iň gowy ylgawçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. 

Pekin marafony 1981-nji ýyldan bäri her ýyl HHR-iň paýtagtynda geçirilýän halkara ýaryşdyr. 2020-nji ýylda dünýädäki epidemiologiki ýagdaý sebäpli ol ýatyryldy. 


01.02.2026 11:41
8.7k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

16.01.2026 22:23
5.5k+

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabynyň Hab-Port senagat sebitinde dekabr aýynda geçirilen motokross boýunça Hytaýyň çempionatynyň (CMX) halkara tapgyryna gatnaşdylar...

21.07.2025 18:50
4k+

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça ýygyndysy Dünýä çempionatynda altyn medal aldy

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän dünýä çempionatynda 348,4779 utuk gazanyp, topar hasabynda altyn medal aldy. Bu barada World Aquatics halkara federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär...

09.07.2025 20:06
7k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...