Bütindünýä banky Gaiti döwletine 75 mln dollar bölüp berdi

  • 01.10.2021 16:53
  • 15k+

Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylygy Gaiti döwletine awgust aýyndaky ýertitremesinden soň täze iş orunlarynyň döredilmegi we ykdysadyýetiň dikeldilmegi üçin 75 mln dollaryň berilmegini tassyklady. Bu barada ýerli täzelikler portaly Gazette Haiti habar berýär diýip, TASS belleýär. 

Bu serişdeleriň 4 müň kärhana goldaw bermäge, şeýle-de betbagtçylykdan zyýan çeken sebitlerde 10 müňden gowrak iş orunlaryny döretmäge gönükdiriljekdigi bellenilýär.

Gaitidäki sosial-ykdysady ýagdaý 14-nji awgustda respublikanyň günortasynda 7,2 bal ululykda ýertitreme bolup geçenden soň has ýaramazlaşdy. Betbagtçylygyň netijesinde 2,2 müňden gowrak adam ýogaldy, 12,7 müňden gowrak adam zyýan çekdi. Ýertitreme 53 müňden gowrak binanyň doly, 83 müňden gowrak binanyň bolsa bölekleýin ýumrulmagyna getirdi.


28.02.2026 10:13
9.5k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler...

11.06.2025 16:03
6.4k+

Bütindünýä banky garyplygyň çägini günde 3 dollara çenli ýokarlandyrdy

Bütindünýä banky halkara garyplyk çäginiň adam başyna günde 2,15 dollardan 3 dollara çenli ýokarlandyrylandygyny habar berdi. Bu barada guramanyň habarynda aýdylýar. Geçenki çäk 2017-nji ýylda ýurtlaryň satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (purchasing power parity, PPP) baradaky maglumatlaryň esasynda hasaplanypdy...

01.03.2025 10:50
5.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy

28-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin...

01.03.2025 10:44
3.6k+

Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi

28-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ykdysady...