Pandemiýadan has uly zyýan çeken ýurtlar belli edildi

  • 01.10.2021 12:44
  • 24k+

Analitikler koronawirus pandemiýasy we serhetleriň ýapylmagy sebäpli, has uly zyýan çeken daşary ýurtlaryň syýahatçylyk ugurlaryny belli etdiler. Bu barada Day.Az-yň bellemegine görä, “Travel Daily News” habar berdi.

Sanawda birinji orny Günorta-Hytaý deňzindäki Makao adasy eýeleýär. Analitikler 2020-nji ýyla çenli bu ýere syýahatçylyk akymynyň 3,3 mln adama ýetendigini belleýärler. Häzirki wagtda her aýda Makao, takmynan, 491 müň syýahatçy barýar.

Ikinji orny Kipr eýeleýär – 2019-njy ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda adada dynç alýanlaryň sany 84,1 göterim azaldy. Iň köp zyýan çeken ýurtlaryň we sebitleriň arasynda üçünji orny Malaýziýa eýeledi.

Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler maliýe taýdan bu pandemiýanyň Tailanda ýaramaz täsir edendigini bellediler – syýahatçylaryň sany aýda 3,3 million adamdan 500 müňe çenli azaldy. Çäklendirmeleriň netijesinde patyşalyk JIÖ-iň 21 göterimini ýitirdi, ýitginiň umumy mukdary 13,4 milliard dollara ýetdi.

Mundan başga-da, pandemiýa Fransiýanyň, Portugaliýanyň, Gresiýanyň, Täze Zelandiýanyň, Mawrikiýniň, Şri-Lankanyň we Filippinleriň syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsir etdi. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......