Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny HHR-iň jar edilen güni bilen gutlady

  • 01.10.2021 11:56
  • 7.7k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de dostlukly ýurduň halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Türkmen Lideri iberen hatlarynda Hytaýyň geçen döwrüň içinde öz halkynyň zähmetiniň we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde, ykdysadyýeti ösdürmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanmagy başarandygyny nygtap, hemmetaraplaýyn türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňlik hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....