Çempionlar ligasy: Ronaldunyň 95-nji minutda goly «MÝ» ýeňiş getirdi

  • 30.09.2021 13:35
  • 12k+

Çarşenbe güni, 29-njy sentýabrda UEFA Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Е topar

«Barselona» myhmançylykda «Benfikadan» 0:3 hasabynda ýeňildi. Gollar: Darwin Nunýes (dubl), Rafa Silwa.
Ugurdaş duşuşykda «Bawariýa» Kiýewiň «Dinamosyny» 5:0 hasabynda ýeňdi. Gollar: Robert Lewandowskiý (dubl), Serž Gnabri, Leroý Sane, Şupo-Moting.

Iki tapgyrdan soň, E toparda mýunhenliler 6 utuk bilen öňdeligi eýeleýär. «Benfika» ikinji (4 utuk), «Dinamo K» üçünji (1) orny eýeleýär. «Barselona» hiç hili utuksyz bolup, soňky orunda ýerleşýär. 

F topar
«Old Traffordda» geçirilen duşuşykda «Mançester Ýunaýted» 2:1 hasabynda «Willarealdan» üstün çykdy. Duşuşykda 53-nji minutda «Willarealdan» Pako Alkaser birinji goly geçirdi. Ýedi minut soňra Aleks Telles hasaby deňledi. Duşuşyga goşulan soňky bäşinji minutda Kriştianu Ronaldunyň goly kluba ýeňiş getirdi.
Ugurdaş duşuşykda italýanlaryň «Atalantasy» 1:0 hasabynda «Ýang Boýsdan» üstün çykdy. Ýeke-täk goly 68-nji minutda Pessina geçirdi.
«Atalanta» dört utuk bilen F toparda birinji orny eýeleýär. Onuň yz ýanyndan hersi üç utuk toplan «Ýang Boýs» bilen «Mançester Ýunaýted» gelýär. «Willarealda» 1 utuk bar.

G topar
Nemesleriň «Wolfsburgy» ispanlaryň «Sewilýasy» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Gollar: Renato Şteffen (48), Iwan Rakitiç (87).
Ugurdaş duşuşykda «Red Bull Zalsburg» fransuzlaryň «Lill» klubuny 2:1 hasabynda ýeňdi. Gollar: Karim Adeýemi (35, 53-nji minut pen.), Burak Ýylmaz (62).
Şeýlelikde, «RB Zalsburg» 4 utuk bilen birinji ýeri eýeleýär. Ondan soňra «Sewilýa» (2 utuk) we «Wolfsburg» (2). «Lill» 1 utuk toplady.

H topar
«Zenit» 4:0 hasabynda şwedleriň «Malmösini» ýeňdi. Gollar: Klaudinýo, Kuzýaýew, Sutormin, Wendel.
Ugurdaş duşuşykda Turinde «Ýuwentus» «Çelsini» 1:0 hasabynda ýeňdi. Gol: Federiko Kýeza (46).
Iki tapgyrdan soň «Ýuwentus» 6 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Soňra «Çelsi» (3), «Zenit» (3) we «Malmö» (0) ýerleşýär.


düýn 21:12
1.5k+

FIFA çaklamalar biržasy bilen taryhda ilkinji gezek şertnama baglaşandygyny yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän ADI Predictstreet kompaniýasy bilen köp ýyllyk şertnama baglaşdy we bu guramanyň taryhynda täjirçilik oýunlaryny çaklamak boýunça ilkinji......

düýn 00:14
3.5k+

«Liwerpul» Endrýu Robertsonyň topardan gidýändigini mälim etdi

«Liwerpul» futbol kluby goragçy Endrýu Robertsonyň şu möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigini habar berdi....

11.04.2026 23:40
2.8k+

Buharestde täze guruljak stadiona Luçeskunyň ady dakylar

Buharestde «Dinamo» futbol klubunyň täze stadionyna ýakynda aradan çykan tälimçi Mirça Luçeskunyň adyny dakmak meýilleşdirilýär. Bu barada Rumyniýanyň içeri işler ministri Ketelin Predoýu habar berdi diýip,......

11.04.2026 23:23
7k+

Bu futbolçylar kyrkyndan soň hem oýunlaryny ýokary derejede dowam edýärler

Futbolçylaryň köpüsi 35 ýaşynda butsylaryny duldan asýarlar. Ýöne beýle karara gelmek, ýaşa däl-de, her kimiň özüne bagly. Munuň şeýledigini häzirki wagtda «Kyrkdan soň – pyrk» däldigini görkezip ýören uly......