BSGG COVID-19-yň gelip çykyşyny derňemek işini gaýtadan dikelder

  • 29.09.2021 09:10
  • 14k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) täze subutnamalary gözlemek üçin 20 alymdan ybarat topary döredip, COVID-19 wirusynyň gelip çykyşyny derňemek işini gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär diýip, “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär. Muny Trend ýetirýär.

Täze patogenleriň gelip çykyşy boýunça ylmy konsultatiw topar diýlip atlandyrylan täze alymlar toparyna COVID-19-yň barlaghanada peýda bolandygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak, şeýle-de geljekki wirus töwekgelçiliklerini we adamyň özüni alyp barşy bilen baglanyşyklary has giňişleýin derňemek tabşyrylyp bilner diýip, BSGG-niň resmi adamlary aýtdylar.

Alymlar topary barlaghana howpsuzlygy we biogorag boýunça hünärmenleri, şeýle-de genetika we haýwan keselleri ugrundan hünärmenleri öz içine alar. BSGG-niň habar bermegine görä, täze başlangyç COVID-19-yň gelip çykyşyny derňemegi çaltlaşdyrmaga kömek eder.

Täze derňew BSGG-niň 2019-njy ýylyň ahyrynda ilkinji COVID-19 hadysasynyň hasaba alnan ýeri bolan Hytaýyň Uhan şäherine baryp görmegi öz içine alan başlangyç gözlegleri hytaýly alymlar tarapyndan berlen maglumatlaryň wirusyň gelip çykyşy baradaky möhüm soraglara jogap bermek üçin ýeterlik däldigini görkezenden soň geçiriler. 

ABŞ-nyň resmi adamlary, şol sanda döwlet sekretary Entoni Blinken BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň COVID-19-yň gelip çykyşynyň derňelmegini gaýtadan dikeltmegini isledi.

Şol bir wagtyň özünde, HHR-iň resmi adamlary guramanyň wirusyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly Italiýa we ABŞ ýaly beýleki ýurtlary öwrenmegini birnäçe aý bäri talap edip gelýärler. Ýagny, Pekin halkara jemgyýetçiligini Fort-Detrikde (Merilend ştaty) ýerleşen harby bazasyndaky ABŞ-nyň barlaghanasynyň işini barlamaga çagyrdy. Hytaýyň häkimiýetleri 2019-njy ýylyň tomsunda howply materiallar daşalanda tehniki howpsuzlygyň bozulandygy sebäpli, barlaghananyň wagtlaýyn ýapylandygyny ýatlap geçdiler.


15.05.2026 11:06
1.7k+

Hytaý kosmosda emeli adam embrionlary bilen synag geçirýär

Hytaý orbital mikrograwitasiýada adamyň emeli embrionpisint gurluşlarynyň ösüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji synagyna başlady diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň amaly kosmos ylymlary we inženerçilik......

12.05.2026 07:19
18k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.6k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......