Gwardiola tälimçi üçin ýeňiş sany boýunça «Mançester Sitiniň» täze rekordyny goýdy

  • 26.09.2021 22:34
  • 6.1k+

“Mançester Sitiniň” Angliýanyň Premýer-ligasynyň altynjy tapgyrynyň “Çelsi” bilen oýnunda gazanan ýeňşi Hosep Gwardiola üçin toparyň baş tälimçisi hökmünde 221-nji boldy, bu hem klubuň täze rekordy diýip, “Mançester Sitiniň” resmi saýty habar berýär. Muny championat.com ýetirýär.

Gwardiola bu toparyň baş tälimçisi hökmünde 13 ýylyň dowamynda 220 ýeňiş gazanan Les Makdauellden öňe geçdi. 

“Men muňa diýseň buýsanýaryn. Biziň bilelikde geçirýän wagtymyz örän gowy. Biz oýunlarda utulyp bileris, finalda utulyp bileris, ýöne biz her bir oýunda batyrgaýlyk bilen oýnaýarys. Biz her gezek öz oýnumyzy oýnaýarys, bu hem meni buýsandyrýar” – diýip, Gwardiola aýdýar.

Hosep Gwardiolanyň ýolbaşçylygyndaky döwürde “Mançester Siti” 330 oýna gatnaşdy, olaryň 221-sinde ýeňiş gazandy, 37 oýunda deňme-deňlik boldy, 45 oýunda topar utuldy.

Ýatlap geçsek, “Çelsi” – “Mançester Siti” duşuşygy 0:1 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly Gabriel Žezus geçirdi, oňa Žoau Kanselu kömek etdi.


26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 10:36
4.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

16.06.2026 10:04
6k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....