Türkmenistanyň ykdysadyýetine 200 mlrd dollar maýa goýumlardan 60%-i senagata gönükdirildi

  • 26.09.2021 09:53
  • 17k+

Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýar. Bu sanlary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Aşgabatda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda getirdi.

Türkmen Lideriniň bellemegine görä, «adam maýasyna», ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi. Häzirki döwürde Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň maliýe taýdan durnukly ösüşi saklanýar.

Ýurdumyzyň nebitgaz gorlary hojalyk pudaklaryny durnukly ösdürmek üçin zerur bolan düýpli maýa goýumlaryny toplamakda aýratyn orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly daýanjyna öwrüldi.

Uglewodorod serişdeleriniň dünýä ähmiýetli gorlaryna eýe bolan Türkmenistan ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini öz halkynyň we bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmaga jogapkärli çemeleşip, bu ugurda anyk, yzygiderli ädimleri ädýär.

Tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek «mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm maksatlaryndan biridir. Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul eden Rezolýusiýalary muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň hem uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bardyr. Türkmen tebigy gazynyň täze energetika köprüsi Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna ony uzak möhletleýin ibermegi üpjün edip, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Sebitde işewür hyzmatdaşlygy, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrar.


düýn 19:30
1.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......