Türkmen Lideri Permdäki pajygaly waka üçin Wladimir Putine gynanç bildirdi

  • 23.09.2021 11:19
  • 31k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň çäklerinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Türkmen Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryndan belli bolşy ýaly, 20-nji sentýabrda Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň okuw binalarynyň birinde hukuk fakultetinde okaýan 18 ýaşly talyp ýaragly ot açyşlyk gurady. Pajygaly ýagdaý sebäpli 6 adam aradan çykdy we ýene 24 adam ýaralandy diýip, žurnalistleriň habarlarynda bellenilýär. Ejir çekenleri hatyralamak maksady bilen, 21-nji sentýabrda Permde matam güni yglan edildi.


07.08.2025 13:31
9.7k+

Kamçatka ýertitremesinden soň ýerinden 2 metr töweregi süýşdi

Ýakynda bolan ýertitremesi netijesinde Kamçatka ýarym adasynyň günorta bölegi günorta-gündogara iki metre golaý süýşüpdir. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Geofiziki gullugynyň Kamçatka bölüminiň işgärleri habar berdi...

30.07.2025 12:59
16k+

Kamçatkada 8,7 bal ululykda güýçli ýertitreme boldy. Ol 1952-nji ýyldan bäri iň ulusy

30-njy iýula geçilen gije Kamçatkanyň (Russiýa) kenaryndan 161 km uzaklykda 32 km çuňlukda 8,7 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Bu 1952-nji ýyldan bäri iň güýçli ýertitreme boldy diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Geofizika gullugynyň şahamçasynyň metbugat gullugy habar berdi...

25.07.2025 11:00
25k+

Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi...

27.04.2025 17:15
35k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda partlamadan ejir çekenlere ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny beýan etdi

  26-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly...