Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, daşary ýurtlarda 5 žurnal çap edildi

  • 23.09.2021 11:33
  • 20k+

Häzirki günlerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirilýär hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan, owadan bezelen ýörite neşirler çap edilýär. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynda “Yerli düşünce” we “Istanbool Today”, Awstriýa Respublikasynda “Galkynysh”, Hindistanda “Business Central Asia” hem-de Pakistanda “The Diplomatic Insight” žurnallarynyň ýörite sanlarynyň neşir edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Dostlukly ýurtlarda çap edilen neşirlerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we hukuk ulgamynda, ylymda, medeniýetde türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň geljegi, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylyşy baradaky makalalar çap edildi.

Mundan başga-da, bu neşirlerde şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy barada giňişleýin maglumat berilýär. Şolarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara forumyň çäklerinde öňe süren başlangyçlary, ýurdumyzyň oňyn daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, energetika we ekologiýa diplomatiýasy baradaky makalalar giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Şeýle hem žurnallaryň sahypalarynda şu ýyl toýlanylan ýene-de bir şanly senä — paýtagtymyz Aşgabadyň maý aýynda bellenip geçilen 140 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi. Bu neşirlerde ýerleşdirilen makalalaryň awtorlary, hususan-da, görnükli syýasatçylar, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, öňdebaryjy metbugat neşirleriniň ýolbaşçylary türkmen Bitaraplygynyň aýratynlygy, sebitde durnuklylygy saklamakda eýeleýän orny barada gürrüň berýärler.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan žurnallaryň şu sanlarynyň öňde goýan esasy wezipeleriniň biri Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen, güýçli depginler bilen ösýän döwlet bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......