Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” sergisine gatnaşar

  • 23.09.2021 11:41
  • 17k+

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowyň hem-de daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylar boýunça utgaşdyryjysy Omar Şehadeh bilen geçiren onlaýn duşuşygynda bu çärä Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

mfa.gov.tm saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň nukdaýnazaryndan, Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara serginiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, agzalan uly möçberli çärä Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň “EKSPO-2020” halkara sergä gatnaşmagynyň diňe bir türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge goşant goşman, eýsem dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň ykdysady gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga we türkmen halkynyň baý medeniýeti barada gürrüň bermäge mümkinçilik berer.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......