Gün ulgamynda dokuzynjy planeta ýüze çykaryldy

  • 21.09.2021 08:59
  • 15k+

Astronomlar Gün ulgamynda täze planetalary gözlemegi dowam etdirýärler. Ýakynda bolsa olar ullakan dokuzynjy planetanyň bardygyny görkezýän hasaplamalary hödürlediler. Bu barada actualnews.org habar berdi.

Hünärmenler Koýper guşagynyň aňyrsynda bolup geçýän wakalary öwrenýärler. Olaryň toplan maglumatlaryna görä, şol ýerde ullakan planetanyň bardygyny görkezip biljek alamatlar bar. Muny käbir ownuk jisimleriň uzyn orbitalary görkezýär. Olaryň käbiriniň ýarymoky 250 astronomiki birligine çenli ýetýär.  Bu kosmos obýektlerine entek açylmadyk uly planetanyň dartyşynyň täsir edýän bolmagy-da ähtimal diýip, çeşme belleýär.

Alymlar obýektiň ýerleşýän ýerini takyk aýdyp bilmeýärler. Şeýle hem, onuň takmynan orbitasy barada-da maglumat ýok. Şeýle-de bolsa, astronomlar Gün ulgamyndaky täze kosmiki jisimiň - dokuzynjy planetanyň ululygynyň Ýeriň görkezijilerinden 6,2 esse artykdygyna ynanýarlar. Häzirki wagtda alymlaryň bu çaklamany subut etmek üçin ýeterlik gurallary ýok. Munuň üçin zerur bolan obserwatoriýa diňe 2023-nji ýylda astronomlaryň ygtyýarynda bolar.


şu gün 20:00
116

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
386

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.7k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......