Hytaýda bir milliarddan gowrak adama COVID-19-a garşy doly sanjym edildi

  • 21.09.2021 08:36
  • 3.7k+

Hytaýda bir milliarddan gowrak adama, başgaça aýdylanda, ýurduň ilatynyň 70 göterimine koronawirusa doly sanjym edildi. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Saglyk Geňeşine salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.

Geňeş mundan başga-da, 12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky 95 milliondan gowrak adama we 60 ýaşdan uly 200 million adama hem Hytaýda doly sanjym edilendigini belleýär. 15-nji sentýabrdaky ýagdaýa görä, ýurtda COVID-19-a garşy 2,16 milliard sanjym edildi.

Awgust aýynda dünýäde koronawirusa garşy edilen sanjymlaryň sany bäş milliarddan geçdi. Olaryň ýarysyna golaýy iki ýurda - Hytaýa we Hindistana degişli. Şol bir wagtyň özünde, bütin dünýäde näçe adamyň COVID-19-a garşy sanjymy doly alandygyny kesgitlemek mümkin däl.


03.04.2026 20:56
11k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

22.03.2026 15:20
3.3k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

28.02.2026 19:43
17k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy...

30.01.2026 11:41
9.6k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär...