Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Prezidentleriniň ýubileý sammiti geçiriler

  • 21.09.2021 08:11
  • 3.7k+

20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama bilen, degişli duşuşygy geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna şu duşuşygy guramaçylykly geçirmek boýunça utgaşdyryş işlerini, şeýle hem bu ugurda zerur çäreleri amala aşyrmagy üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem Daşary işler ministrligine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariaty bilen bilelikde duşuşygyň maksatnamasyny we gün tertibini taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan bu çärelere taýýarlyk işleri barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen Liderine hasabat berdi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynda goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hem-de abraýly sebitara we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi.


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......