Moskwada Abdulmanap Nurmagomedowyň hormatyna ýaryş geçirildi

  • 19.09.2021 11:56
  • 11k+

17-nji sentýabr - anna güni Moskwada Habib Nurmagomedowyň merhum kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň hormatyna ýaryş geçirildi. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Ýaryş Habib Nurmagomedowyň EFC ​​ligasy tarapyndan AMC Fight Night promouşeni bilen bilelikde geçirildi. Oňa Russiýa, Täjigistan, Ukraina, Azerbaýjan, Özbegistan, Ysraýyl, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlardan bolan onlarça türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijilerini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Has ýeňil agramda: Ahmat Tokaýew (4-1) Şahzod Abdurahmonowy (2-3) ýeňdi - tehniki nokaut (1-nji raund, 1:11).
Ýarym orta agramda: Maor Maasiaýew (3-1) Omajon Otajonowy (2-1) ýeňdi - demikdiriji emel (1-nji raund, 4:54).
Has ýeňil agramda: Israýyl Hajiagaýew Aržaan Çylbaky (1-2) ýeňdi - eminleriň biragyzdan karary bilen.
Ýarym ýeňil agramda: Imran Satiýew (15-0-1) Rustam Maçidowy (1-1) ýeňdi - tehniki nokaut (1-nji raund, 3:23).
Ýarym ýeňil agramda: Sabit Žusupow (11-3-1) Nurbek Abdykadyrowy (4-2) ýeňdi - eminleriň biragyzdan karary bilen.
Agyr agramda: Ibragim Çujigaýew (15-5) Ýewgeniý Mýakinkini (14-11-1) ýeňdi - tehniki nokaut (3-nji raund, 2:47).
Ýarym orta agramda: Dinislam Kamawow (12-1) Konstantin Çerdiçenkony (10-11) ýeňdi - tehniki nokaut (1-nji raund, 0:58).
Ýeňil agramda: Timur Hizriýew (11-0) Ruslan Ryskuly (4-2) ýeňdi - demikdiriji emel (1-nji raund, 3:06).
Ýeňil agramda (aralyk - 74 kg): Nurullo Aliýew (6-0) Kirill Krýukowy (8-3-1) ýeňdi - eminleriň biragyzdan karary bilen.
Ýarym orta agramda: Saýgid Izagahmaýew (19-2) Maksim Butorini (18-4-1) ýeňdi - demikdiriji emel (2-nji raund, 4:41).
Ýarym orta agramda (titul ugrundaky söweş): Samandar Murodow (7-0) Maksim Şwetsi (19-4) ýeňdi - tehniki nokaut (4-nji raund, 4:43).
Ýeňil agramda (titul ugrundaky söweş): Nariman Abassow (27-3) Şamil Zawurowy (40-7) ýeňdi - tehniki nokaut (1-nji raund. 4:12).


08.06.2026 12:15
2k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.3k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...