Ýolagçy ekipažy bilen Crew Dragon gämisi Floridanyň kenaryna gondy

  • 19.09.2021 11:06
  • 9.9k+

Ekipažy ilkinji gezek doly raýatlardan ybarat bolan Crew Dragon kosmos gämisi Florida ştatynyň kenaryna golaýda Atlantik ummanyna gondy. Ýaýlym SpaceX kompaniýasynyň saýtynda görkezildi diýip, TASS habar berýär.

Ekipažyň agzalary Inspiration4 missiýasynyň çäginde skafandr geýip, gonmaga birnäçe sagat öňünden taýýarlanyp başladylar. Aşak düşmezden, takmynan, bir sagat öň Crew Dragon-yň hereketlendirijileri awtomatiki usulda işledi, bu oňa orbita belentligini peseltmäge mümkinçilik berdi. ABŞ-nyň Gündogar kenarynyň wagty bilen 19:00-da gämi atmosferanyň dykyz gatlagyna girdi, birnäçe minutdan onuň esasy paraşýutlary goýberildi. 19:08-de ýaýlymy alyp baryjy gäminiň suwa gonandygyny tassyklady.

Kosmos gämisi Ýer orbitasynda üç gün boldy. Bu wagtyň dowamynda ekipažyň agzalary birnäçe ylmy barlaglary geçirdiler. Hünärmenler agramsyzlyk ýagdaýynyň adam organizme ýetirýän täsirine üns berdiler. SpaceX-iň maglumatlaryna görä, olaryň netijeleri “adamlaryň hem Ýerde, hem geljekki uçuşlaryň dowamynda saglygyny gorap saklamak üçin uly ähmiýete eýe bolar”.

Uçuş wagtynda gämi 590 km belentlikdäki orbita ýetdi, bu Halkara kosmos stansiýasynyň orbitasyndan (420 km töweregi) ep-esli ýokarydyr.


23.05.2026 15:01
3.6k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......