Hytaýly hünärmenler ýangyjyň deregine howany ulanýan hemrany döredýärler

  • 19.09.2021 08:09
  • 5.7k+

Hytaýda howany ýangyç hökmünde ulanjak pes orbitalar üçin hemralar döredilýär. Täze hemralar 100 km töweregi belentlik üçin niýetlenýär, çünki bu ýerde atmosfera tamamlanyp, kosmos başlaýar. Bu hemralar optiki gözegçilik bilen meşgullanar diýip, rosbalt.ru habar berýär.

Alymlar ozal atmosferadan alyp boljak howa gaz garyndysynda işlemek üçin hereketlendiriji gurluşlaryň prototipini işläp düzmäge synanyşdylar. Ulgamlar kuwwatly atom enjamyndan ýa-da Gün batareýalaryndan iýmitlenmek arkaly ionlaşdyrylan gazda reaktiw güýji döredýän elektrik ion raketa hereketlendirijilerine esaslanýar.

Hemralar üçin bortda ýangyç ätiýajynyň bolmagy hökman däl. Olar uçuş ýolunda dykyzlygy pes atmosferadan gaz ýygnamak bilen, birnäçe ýyllap uçarlar. Modelirleme şeýle gurluşlary ýygnap we uçuryp boljakdygyny görkezdi.

Şonuň üçin häzirki wagtda alymlar dykyzlygy pes gazy tutmagyň we şeýle ýangyçda hereket wagtynda belli bir orbitany saklamagyň ulgamyny döretmek bilen meşgullanýarlar. Ýöne bir mesele bar – ýokary tizlik bilen uçýan hemranyň öňünde zarba urujy tolkunlar ýaýraýarlar we netijede, gaz ýygnama prosesini kynlaşdyrýarlar.

Hytaýly işläp düzüjiler bu meseläni çözmegi we 180 km belentlikde orbitada ýangyçsyz uçmak üçin görkeziş hemrasyny ýygnamagy maksat edinýärler.


11.06.2026 23:52
7.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......