BMG-niň Baş sekretary maliýe we howa bilen bagly geljegiň Sammitini geçirmegi teklip etdi

  • 19.09.2021 07:44
  • 3.2k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş anna güni maliýe, saglyk we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin geljegiň Sammitini geçirmek teklibi bilen çykyş etdi. Bu barada TASS habar berýär.

Baş Assambleýanyň mejlisinde geljekdäki çökgünliklere garşy göreşmäge degişli teklipleri bilen “Umumy gün tertibi” dokladyny hödürlemek bilen, ol ýurtlary “hakykata gaýdyp gelmäge” we täze sarsgynlara taýýar bolmaga çagyrdy. “Meniň dokladymyň esasy teklipleriniň biri ýokary derejeli geljekki sammitiň çäginde dünýäniň şu we beýleki ähli meseleleri çözmek üçin ýygnanyşmalydygyndan ybarat” – diýip, ol aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, sammitiň maksady dünýä jemgyýetçiliginiň geljegi bilen bagly ylalaşyk tapmakdan ybarat bolar. “Ýadro ýaraglary, kiber çaknyşyk meýdançasy we ölüm howply ýaraglar bilen bagly strategik töwekgelçilikleri azaltmak boýunça çäreleri öz içine aljak “Parahatçylyk üçin täze gün tertibini” döretmek meýilleşdirilýär.

Men umumy maslahatyň dowamynda (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 21-nji sentýabrdan 27-nji sentýabr aralygyndaky ýokary derejeli hepdesi) we soň sizden we siziň ýolbaşçylaryňyzdan bu teklipler barada pikirleri diňlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, Guterriş belledi.

Şeýle-de, Guterriş Ýigrimiligiň toparynyň, Bütindünýä guramasynyň ykdysady we sosial geňeşi bilen halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda her iki ýyldan bir gezek sammit geçirmegi teklip etdi. 

Guterriş ilaty saglygy goraýyş, bilim we iş bilen üpjün etmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylda Global sosial sammitini geçirmek zerur diýip hasaplaýar.


şu gün 00:57
2.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

18.06.2026 09:51
2.8k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

15.06.2026 12:26
931

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......