Hytaýda Tesla elektromobilleriniň satuwy bir ýylda tas üç esse ýokarlandy

  • 19.09.2021 07:53
  • 5.3k+

Hytaýyň Ýolagçy awtomobilleriniň assosiasiýasy Hytaýda Tesla elektromobilleriniň satuwynyň awgust aýynda 44,2 müň birlige çenli ýa-da ýyllyk aňlatmasynda 275% ýokarlanandygyny habar berdi. Bu barada Sina portalynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar diýip, REGNUM agentligi belleýär.

Iýul aýy bilen deňeşdirilende, satuw 34% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň sekiz aýynyň dowamynda Tesla dünýä bazarlarynda 250 müňden gowrak elektromobil satdy, olaryň ýarysyndan gowragy (152,5 müň) Hytaýyň paýyna düşýär.  

Habarda Tesla-nyň şeýle üstünliginiň Şanhaýdaky awtomobil ýygnamak boýunça kärhana bilen baglanyşyklydygy bellenilýär. Ol 2019-njy ýylyň ahyrynda işe girizildi we häzirki wagtda Model 3 sedanyny hem-de Model Y krossowerini çykarýar. Geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri Hytaýda ýygnalýan Model 3 Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär. 2020-nji ýylda Şanhaýda 250 müň Tesla elektromobili ýygnaldy. Kompaniýanyň meýilnamalary boýunça, 2021-nji ýylda bu görkeziji 450 müň elektromobile ýetirilmeli.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......