Amazon hususy önümçiligi bolan telewizorlaryny satuwa çykarýar

  • 19.09.2021 07:52
  • 2.2k+

Amazon amerikan kompaniýasy hususy önümçiligi bolan Fire TV telewizor hataryny satuwa goýberýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Kompaniýanyň wekili Deniel Roşuň aýtmagyna görä, kompaniýa “telewizoryň mümkinçiliklerine täzeden garady we Alexa ses kömekçisiniň esasynda öz telewizoryny döretdi”. Ähli enjamlar uzak aralykda ses bilen dolandyrylýar we Smart TV funksiýasy bilen üpjün edilendir. Ekranlar 4K Ultra HD durulygyny göterýär. Telewizor hatary iki seriýany öz içine alýar: Omni we has arzan bolan 4-Series.

Fire TV Omni seriýasynyň telewizorlary ekranynyň diagonaly 43-den 75 dýuýma çenli bolan bäş modelde hödürlendi. Kiçi modeliň bahasy 409,99 dollar. Fire TV 4-Series-iň telewizorlarynyň bahasy 369,99 dollardan başlaýar.

Amazon dünýäde internet üsti bilen harytlary we hyzmatlary hödürleýän iň uly korporasiýadyr. Ol 1994-nji ýylda telekeçi Jeff Bezos tarapyndan döredildi. Häzirki wagtda ol 194 mlrd dollardan gowrak baýlygy bilen dünýäde iň baý adam hasaplanýar.


şu gün 07:20
1.5k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
10k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

29.03.2026 23:55
6.3k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......

12.03.2026 07:31
8.2k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...