Tesla Cybertruck-yň önümçiligi 2023-nji ýyla çenli yza süýşürildi

  • 19.09.2021 07:20
  • 4.9k+

Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrikli pikapyny 2022-nji ýyla çenli çykaryp ýetişmez. Bu barada “Electrek” neşiri habar berýär.

Ýagdaýdan habarly çeşmäniň aýtmagyna görä, Tesla özüniň Cybertruck elektrik kysymly awtoulagynyň öz wagtynda çykarylyp ýetişilmejekdigini kynlyk bilenem bolsa boýun aldy. Indi kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask pikap awtoulagynyň köpçülikleýin önümçiliginiň 2023-nji ýyla çenli yza süýşürilýändigini aýtdy. Kompaniýa önümçiligiň eglenýändigini ilkinji gezek awgust aýynyň başynda mälim edipdi we elektrikli awtoulagyň önümçiliginiň 2022-nji ýyla çenli yza süýşürilendigini habar beripdi.

Mask bu ýagdaýyň ýarymgeçiriji bazaryndaky kynçylyklar sebäpli ýüze çykandygyny aýdýar.  Mundan başga-da, kompaniýa Cybertruck-yň käbir aýratynlyklary sebäpli  birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Hususan-da, awtoulagda polat ekzoskelet korpusy bar. Bu bolsa öz gezeginde düýbünden täze önümçilik amallaryny talap edýär.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......