Amazon ýakyn aýlarda 55 müň tejribeli işgäri işe alar

  • 18.09.2021 16:06
  • 4.3k+

Ýakyn aýlarda Amazon geçen ýylky köpçülikleýin işe almagyň üstüne goşmaça hökmünde 55 müň täze işgäri işe almagy meýilleşdirýär, bu ýagdaýda gürrüň ofis işgärleri we tehnologiýa hünärmenleri bilen baglydyr diýip, Amazon-yň baş direktory Endi Jessi Reuters agentligine beren interwýusynda aýtdy. Bu onuň iýul aýynda bu wezipede işe başlany bäri ilkinji uly interwýusy boldy diýip, kommersant.ru habar berýär. Amazon ABŞ-da 40 müň töweregi, Beýik Britaniýada 2,5 müň, beýleki ýurtlarda, esasanam, Germaniýada, Ýaponiýada we Hindistanda 12,5 müň işgäri işe almagy meýilleşdirýär.

Reuters agentliginiň bellemegine görä, işgärleriň şeýle sany Google-iň ähli işgärleriniň üçden birine ýa-da Facebook-yň tas ähli işgärlerine deň gelýär. Amazon-yň özi üçin bu ofis we tehnologiýa hünärmenleriniň ştatynyň häzirki 275 müňden 20% ýokarlanmagydyr. Jenap Jessi şeýle köp işgäriň işe alynmagynyň riteýlde, bulut tehnologiýalarynda, mahabatda bäsdeşlerden galmazlyk üçin we hemralary uçurmak (2019-njy ýylda işe girizilen Kupier taslamasy) ýaly ugurlarda ösüş gazanmak üçin gerekdigini belledi. 

Geçen ýyl Amazon 500 müň töweregi täze işgäri işe aldy. Ýöne şonda bu, esasan, ammar, eltip berme hyzmatlary boýunça pes hünärli işgärler bilen baglydy.


03.03.2026 13:28
591

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

31.01.2026 09:16
944

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

18.01.2026 19:47
2.1k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...