Döwlet münberiniň açylyşynda dronlaryň şüweleňi görkezildi

  • 17.09.2021 09:56
  • 14k+

16-njy sentýabrda geçirilen Döwlet münberiniň açylyş dabarasynyň dowamynda guralan baýramçylyk dabarasyny dronlaryň şüweleňi hem-de feýerwerkleriň dürli reňkli öwüşginleri bezedi. Bu ýerde aýdym-sazlar, joşgunly tanslar döwrebap enjamlar hem-de sanly tehnologiýalar arkaly döredilýän täsin şekiller we ajaýyp görnüşler bilen utgaşdy. Aşgabadyň arassa asmanynda Türkmenistanyň milli gymmatlyklarynyň, döwlet nyşanlarynyň şekilleri peýda boldy.

Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymy ýaňlandy. Köpöwüşginli çykyşlar soňky döwürde baýramçylyk dabaralarynyň esasyny düzýän dronlaryň şüweleňiniň ýatdan çykmajak pursatlary döredýändigini görkezdi. Innowasion tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryna, şol sanda medeniýet we sungat ugurlaryna içgin ornaşýar.

Dronlaryň şüweleňiniň feýerwerkleriň dürli reňkli öwüşginleri bilen utgaşmagy Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan çäreleriň ýatdan çykmajak pursatlara baý bolmagyny şertlendirdi. Baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň asmanyny köpöwüşginli reňkler bilen ýagtylandyryp, dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi.


06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.8k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

02.06.2026 17:31
1.4k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....