London işewürlik üçin iň özüne çekiji şäher diýlip ykrar edildi

  • 16.09.2021 11:55
  • 2.5k+

Beýik Britaniýanyň London şäheri işewürlik üçin iň özüne çekiji şäher diýlip ykrar edildi. “Henley & Partners” (H&P) halkara konsalting kompaniýasynyň analitikleri şeýle netijä geldiler. Bu barada guramanyň web sahypasyna salgylanyp, rbc.ru habar berdi.

Umuman alanyňda, bilermenler maýa goýumlary bilen pasport bermek boýunça işjeň programmalary bolan dünýäniň 25 şäherini deňeşdirip gördüler. Hünärmenler olary infrastrukturasynyň ösüş derejesi, howpsuzlygy, biznes etmegiň aňsatlygy we beýleki görkezijiler boýunça deňeşdirdiler. Her şäheriň gazanan netijesi onuň on görkeziji boýunça alan ballarynyň jemi bilen aňladyldy.

Bilermenleriň netijesine görä, reýtingiň ilkinji üçlügine London (705,7 bal), Nýu-Ýork (666,6) we Sidneý (647,1) girdi. Dördünji we bäşinji ýerlerde Singapur (644,7) bilen Sýurih (618.3) ýerleşdi. Reýtingiň altynjy hataryny Los-Anjeles, ýedinji hataryny bolsa Barselona eýeledi. Işewürlik üçin amatly ilkinji on şäheriň arasynda Gonkong, Wena we Toronto hem bar.

Şol bir wagtyň özünde, "Maýa goýumlary üçin pasport" maksatnamalarynyň teklip edilýän şertlerine laýyklykda, hünärmenler Lissabona we Wena iň ýokary bal berdiler. Hünärmenler Singapura "abadançylyk, infrastruktura" we "howpsuzlyk" nukdaýnazaryndan iň köp bal berdiler. Analitikler Sýurihi ykdysady we syýasy durnuklylyk, şeýle hem saglygy goraýyş pudagyndaky reýtingiň lideri diýip yglan etdiler we Sidneýi iň howpsuz şäher diýip ykrar etdiler. H&P üçin salgyt şertleri boýunça öňdebaryjy Dubaý, bilim boýunça bolsa Nýu-Ýork hasaplandy.


13.01.2025 22:07
5.5k+

Londonda Apple-a garşy açylan 1,5 mlrd funt sterling möçberindäki toplumlaýyn kazyýet arzasyna seredilip başlandy

13-nji ýanwarda Londonyň Bäsdeşlik meseleleri boýunça Apelýasiýa Kazyýeti (Competition Appeal Tribunal) Apple kompaniýasyna garşy açylan toparlaýyn kazyýet arzasyna seredip başlady. Millionlarça britan ulanyjylary kompaniýany iOS...

07.04.2023 07:37
22k+

Bloomberg: Milliarderler gozgalmaýan emlägi Londona garanyňda, Dubaýdan has ýygy satyn alyp başladylar

Baý adamlar  gozgalmaýan emlägi, köplenç, Londondan däl-de, Dubaýdan satyn almagy makul bilýärler diýip,  Bloomberg iňlis paýtagtyndaky gozgalmaýan emläk agentlikleriniň biriniň ýolbaşçysynyň sözlerine salgylanyp...

21.07.2021 19:45
4.1k+

Apple Beýik Britaniýanyň smartfon bazaryny terk edip biler

Apple 5 milliard ýewrolyk (takmynan, 7 milliard dollar) kazyýet işi sebäpli Angliýanyň bazaryndan gitjekdigini mälim etdi. Bu barada 3dnews.ru habar berdi. Eger-de kazyýet iPhone-da ulanylýan tehnologiýa üçin iňlis...

şu gün 14:48
1.2k+

Emeli aň çiplerine islegiň artmagy bilen TSMC-niň çärýeklik girdejisi 57% ýokarlandy

TSMC taýwan çip öndürijisi dördünji çärýekde rekord derejede girdeji gazandy. Bu üstünlik emeli aň (AI) ulgamlary üçin niýetlenen çiplere bolan islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýanyň arassa girdejisi 57%...