Londonda Apple-a garşy açylan 1,5 mlrd funt sterling möçberindäki toplumlaýyn kazyýet arzasyna seredilip başlandy

  • 13.01.2025 22:07
  • 5.8k+

13-nji ýanwarda Londonyň Bäsdeşlik meseleleri boýunça Apelýasiýa Kazyýeti (Competition Appeal Tribunal) Apple kompaniýasyna garşy açylan toparlaýyn kazyýet arzasyna seredip başlady. Millionlarça britan ulanyjylary kompaniýany iOS programma bazarynda monopoliýa döretmekde günäkärläp, 1,5 milliard funt sterling möçberdäki öwez tölegini talap edýärler diýip, Financial Times neşiri habar berýär.

Şikaýatçylaryň bellemegine görä, Apple programmistlere programmalaryny we oýunlaryny diňe App Store-da satmagy talap edýär we her satuwdan 30%-e çenli komissiýa alýar. Olar bu çykdajylaryň sarp edijilere ýüklenýändigini we sanly önümleriň bahasynyň ýokarlanýandygyny öňe sürýärler.
Apple bolsa şikaýatçylaryň talaplarynyň esassyzdygyny we komissiýa tölegleriniň bazar kadalaryna laýykdygyny aýdýar.
Bu Beýik Britaniýada Apple-a garşy edilen ilkinji şikaýat däl. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda kompaniýa iCloud abunalygyny mejbury diýip tanatmakda günäkärlenipdi, ol işde bolsa öweziň dolunmagy boýunça gelnen mukdar 3 milliard funt sterlinge barabar bolupdy.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu işler diňe bir Apple-a däl, eýsem, umumy programma bazarlarynyň düzgünleşdirilişine hem täsirini ýetirip biler.


30.05.2026 08:05
3.5k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....