A.Nyýazow şaýoly bilen H.A.Ýasawy köçesinde täze ýerasty geçelgeleriň 4-si açyldy

  • 16.09.2021 07:47
  • 8.7k+

15-nji sentýabrda döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan täze ýerasty geçelgeler dabaraly ýagdaýda açyldy. Ýerasty geçelgeleriň ýer böleginiň umumy meýdany 6 müň 270 inedördül metre barabardyr. Jemi 4 sany ýerasty geçelgede dükanlaryň ençemesi, şeýle-de duralgalar guruldy.

Taslamalar ýerine ýetirilende Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklary esasynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribeleri utgaşdyryldy. Olaryň bezelişinde peýdalanylan serişdeler hil aýratynlygy bilen tapawutlanyp, milli öwüşginler bilen ünsüňi özüne çekýär.

Ýol-ulag ulgamyna degişli bu desgalar pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň abadançylygyny, rahatlygyny gazanmagyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär. Ýerasty geçelgeleri bezemekde ulanylan milli nagyşlar, göl hem-de dürli surat şekilleri, owadan bezeg daşlary we mermerler, şeýle hem yşyklandyryjylar bu desgalara ajaýyp öwüşgin çaýyp, kalbyňda çäksiz ruhubelentlik döredýär.

Seýilgähiň yşyklary paýtagtymyzyň şu künjeginiň älemgoşar şekilini emele getirip, özboluşly görnüşi janlandyrýar. Munuň özi tyllaýy agşamlaryň görküne görk goşup, Ginnesiň rekordlar kitabynda pugta orun eýelän ak mermerli Aşgabadyň ajaýyplygyny artdyrýar.


03.05.2026 16:04
1.4k+

Weli Muhadowyň döredijilik mirasy ylmy-amaly maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi....

02.05.2026 14:08
11k+

Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

5-nji maýda Aşgabatda kärhanalar, guramalar, edaralar, hususy telekeçiler we şäheriň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär....

02.05.2026 13:59
2.5k+

TÜRKSOÝ-yň opera konserti, Ýeňiş güni mynasybetli sergi we Aşgabadyň teatr premýeralary

2-nji we 3-nji maýda Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sungatynyň ussatlarynyň gala-konsertleri geçiriler. Sahnada Azerbaýjandan,......

30.04.2026 16:55
3k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....