Köpetdagyň gerşinde gurulýan Magtymgulynyň ýadygärlikler toplumy açylar

  • 14.09.2021 09:01
  • 13k+

Köpetdagyň gözel künjeginde gurulýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Bu barada 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow habar berdi we türkmen Liderine ýadygärligiň birnäçe şekil taslamalaryny görkezdi.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy hem-de dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini, şäheri mundan beýläk-de toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de şöhratly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara, Halk Maslahatynyň mejlisine, zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde işleriň alnyp barlyşyna, durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki, bezeg we ekologiýa taraplaryny göz öňünde tutup, hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Bina edilýän desgalar Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşmalydyr, bu ýerde ozal gurlan binalar, şäher gurşawy bilen sazlaşmalydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleriniň bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl bolandygyny nygtap, şahyryň heýkeliniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda bu ýerlerde gurulýan desgalar toplumy Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir hem-de häzirki zamanyň ösen tejribelerinden, milli binagärlik ýörelgelerinden we ýerli özboluşly tebigy aýratynlyklardan ugur alynmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, häkime ýadygärlikler toplumynyň açylyş dabarasyna giňişleýin taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklar berildi.


düýn 01:36
4.3k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
6.9k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....