Messi karýerasyndaky 750-nji goluny geçirdi

  • 14.09.2021 08:15
  • 9.5k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi günorta amerikaly oýunçylaryň arasynda milli topar üçin geçiren gol sany boýunça rekord goýdy. 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň Boliwiýa bilen oýnunda Messi üç gol girizdi. Bu onuň toparyna garşydaşyny 3:0 hasabynda utmaga mümkinçilik berdi. 

Messi karýerasy üçin professional derejede geçiren gollarynyň sanyny 750-ä ýetirdi. Munuň üçin ol 932 oýna gatnaşmaly boldy diýip, sport-express.ru belleýär. 

Milli ýygyndy üçin het-trikden soň Messi 79 gol bilen Günorta Amerikanyň milli ýygyndylarynyň arasynda gol sany boýunça öňki rekord eýesi Peleden (77 gol) öňe geçip, lider boldy.

Argentinanyň milli ýygyndysy saýlama toparynda Braziliýadan üç utuk yza galyp, ikinji orny eýeleýär.


11.06.2026 23:57
3.8k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

08.06.2026 16:49
9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

23.05.2026 13:15
11k+

Bloomberg: Messi milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi....