Eýran türkmen gazyny satyn alyp başlamak barada gepleşikleri geçirmäge taýýar

  • 12.09.2021 15:18
  • 11k+

Eýran Yslam Respublikasynyň ýakynda wezipä bellenen nebit ministri Jawad Ouji Tähranyň gaz syýasatyny teswirlemeginiň barşynda žurnalistler bilen söhbetdeşliginde şeýle diýdi: «Häzirki wagtda biziň iş salyşýan meselelerimiziň biri — goňşy ýurtlarymyz, şol sanda Türkmenistan bilen gaz diplomatiýasy meselesidir». Bu barada ORIENT eýran habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.

Jawad Oujiniň şeýle hem aýtmagyna görä, «Bu babatda biz gazyň eksportyny we söwdasyny artdyrmak üçin Türkmenistan we beýleki döwletler bilen gepleşikleri geçireris».

Türkmenistan öň iberilen gaz üçin eýran kompaniýasynyň bergisiniň toplanyp gidenligi sebäpli, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Eýrana gaz ibermelerini kesdi. Uzak dowam eden gepleşiklere garamazdan, taraplar umumy ylalaşyga gelip bilmediler we «Türkmengaz» döwlet konserni Halkara arbitraž kazyýete (ICA) arza bilen ýüz tutmaly boldy.

Geçen ýyl ICA eýran-türkmen gaz dawasy barada Türkmenistanyň peýdasyna bolan hökümini çykardy.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...