Türkmenistanyň teklibi bilen Baş Assambleýanyň 17-nji Kararnamasy kabul edildi

  • 12.09.2021 07:11
  • 6.3k+

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky XV sammiti geçiriler. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly şu ýylyň 4-nji martynda geçirilen XIV sammitinde eden çykyşynda: «Biz öz başlyklygymyzy jogapkärli we belent wezipe hökmünde kabul edýäris. Onuň üstünlikli, netijeli we gatnaşyjylaryň bähbitlerine hyzmat etmegi üçin ähli tagallalary ederis» diýmek bilen, degişli Konsepsiýada Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny jikme-jik beýan etdi we öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň golaýda açyljak 76-njy sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda-da «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürländigini aýtmak gerek. Onda bellenilişi ýaly, Türkmenistan YHG-da başlyklyk etmeginiň barşynda ýokarda görkezilen Kararnamanyň hem-de ählumumy durnukly parahatçylyk we ösüş maksatlaryna ýetmegiň düzgünlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, gurama agza ýurtlaryň BMG-niň edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär.


05.06.2026 18:04
4.9k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......