Türkmenistanyň bilim ojagy dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda

  • 10.09.2021 08:27
  • 28k+

2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde «Times Higher Education (THE)» žurnaly dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky sanawyny çap etdi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýurdumyz boýunça ilkinji gezek habarçy-agza hökmünde bu sanawa girizildi.

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şu ýylyň 2-nji sentýabrynda bolsa dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň reýtinglerini düzýän «Times Higher Education (THE)» žurnaly tarapyndan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty abraýly ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi.

Institutda işlenip taýýarlanylan 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda hem hut şu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Meýilnama laýyklykda, talyplaryň we professor-mugallymlaryň halkara akademiki gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribeler esasynda okuw hem-de ylmy işlere innowasion usullary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ylym bilen meşgullanýan hünärmenleriň taýýarlygyny döwrebap derejede kämilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýar.

Ilkinji hatarlarynda Oksford, Garward uniwersitetleri ýaly dünýä meşhur bilim ojaklary ýerleşýän bu abraýly sanawa goşulmak üçin institutda talyplardyr professor-mugallymlaryň halkara akademiki alyş-çalşy ýola goýuldy, okuw-usulyýet işlerine häzirki zamanyň iň ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyryldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň wekilleri öz ylmy işlerini halkara derejeli ylmy žurnallarda çap etmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek arkaly hem sanawa goşulmak üçin görkezilýän şertleri berjaý etdiler.


01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......