Ýewropada 2021-nji ýylyň tomsy 30 ýylda iň yssysy boldy

  • 09.09.2021 01:12
  • 4.1k+

Şu ýyl Ýewropada tomus soňky 30 ýylda iň yssy tomus boldy. Copernicus hemra monitoring maksatnamasynyň hasabatynda habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň iýun aýyndan awgust aýy aralygynda ortaça temperatura 1991-nji ýyldan 2020-nji ýyl aralygyndaky tomus möwsümlerine garanyňda, Selsiý boýunça tas bir gradus ýokary boldy. 

Hasabatda 11-nji awgustda Sisiliýada howanyň Selsiý boýunça 48,8 gradusa çenli gyzandygy bellenilýär. Bu görkeziji Bütindünýä meteorologiýa guramasy (BMG) tarapyndan tassyklanan ýagdaýynda, bu temperatura Ýewropada meteorologiki gözegçiligiň taryhynda iň ýokarysy bolar diýip, TASS belleýär.

Mundan başga-da, hünärmenler 2010-njy we 2018-nji ýyllardaky tomus möwsümleriniň ozal Ýewropada iň yssy diýlip hasaplanandygyny bellediler: şonda howanyň ortaça temperaturasy 2021-nji ýyldakydan Selsiý boýunça 0,1 gradus pes boldy.

2021-nji ýylyň awgust aýynda dünýädäki howa 1991-nji ýyldan 2020-nji ýyl aralygyndaky degişli döwür bilen deňeşdirilende, ortaça 0,3 gradus gyzdy. Şeýlelik bilen, geçen aý 2017-nji ýylyň awgust aýy bilen bilelikde global meteorologiki gözegçiligiň taryhyndaky tomsuň iň yssy soňky aýlarynyň hatarynda üçünji orny eýeledi. Meteorologlar awgust aýynda Ýewropanyň dürli ýerlerinde howanyň temperaturasynyň dürli bolandygyny belleýärler. Mysal üçin, Ortaýer deňzi ýurtlarynda ol rekord goýdy, gündogarda ortaçadan ýokary boldy, demirgazykda, tersine, pes boldy.


20.01.2026 14:13
17k+

5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär...

22.12.2025 13:53
5.7k+

Klimatologlar: Asyryň ortalaryna çenli Ýer ýüzünde her ýyl 4 müňe çenli buzluklar ýok bolar

Eger global maýlamaklyk asyryň ahyryna çenli temperaturanyň 1,5-4 gradus Selsiý ýokarlanmagyna getirse, eýýäm şu asyryň ortalaryna çenli Ýer her ýyl 2000-den 4000-e çenli buzlugy ýitirer. Netijede, buzluklaryň umumy sany 200 müňden 18 müňe çenli azalyp biler...

18.08.2025 10:00
8.5k+

Ýewropada rekord yssy sebäpli dörän tokaý ýangynlarynyň ýetiren zyýany 90% töweregi ýokarlandy

2025-nji ýylda Ýewropada aşa yssy howa tokaý ýangynlarynyň ýetirýän zyýanynyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Ýokary temperatura ösümlikleri guradyp, ýangynyň ýaýramagyny aňsatlaşdyrdy. The Guardian gazetiniň berýän habaryna görä, şu ýyl Ýewropada 400 000 gektardan gowrak tokaý ýandy, bu bolsa soňky 20 ýyldaky ortaça görkezijiden 87% köpdür...

02.08.2025 17:26
10k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy...