Rejep Taýyp Ärdogan «Dünýäni has adalatly edip bolar» atly kitap ýazdy

  • 09.09.2021 00:36
  • 9.6k+

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan "Dünýäni has adalatly edip bolar" atly kitap ýazdy. Bu kitabyň satuwy ýurtda 6-njy sentýabrda başlady. Muny Anadolu agentligine salgylanyp, lenta.ru habar berdi.

Kitapda türk Lideri global syýasatyň meselelerine, hususan-da adalatsyzlyga, migrasiýa krizisine, halkara terrorçylygyna we yslamofobiýa, diskriminasiýa we goşa standartlara ünsi çekýär. Onuň pikiriçe, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi düýpli üýtgeşmelere mätäç. Şeýle hem ol Türkiýäniň maksadynyň, "kim güýçli bolsa şonuňky dogry däl-de, tersine, kimiňki dogry bolsa, güýç şonuň tarapynda bolýan ulgamy döretmekden" ybaratdygyny nygtaýar.

Prezidentiň kitabynda global adalaty ýola goýmak boýunça jogapkär edaralaryň hereketlerine syn berlip geçilýär, geçmişiň talaplaryna laýyklykda döredilen edaralar arkaly häzirki zaman meselelerini çözmegiň mümkin däldigi aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda: "Adalatly dünýä ynam we umyt döredýän global tertip zerur" diýip, syýasatçy öz kitabynda belleýär.


01.06.2026 20:16
6.5k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

13.05.2026 23:26
5.2k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......