Türkmenistanyň Prezidenti «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

  • 08.09.2021 07:40
  • 7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara Gutlagyny ýollady. Onda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýaş aýdymçylary sungat älemine ruhlandyryjy, özboluşly döredijilik mekdebine öwrülendigi barada aýdylýar.

Gutlagda bellenilişi ýaly, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri, baýramçylyk sowgatlary bilen garşylamak ýurdumyzyň her bir raýaty üçin uly bagtdyr, belent mertebedir. Döwletli Diýarymyzyň baş baýramyny giňden dabaralandyrmakda, döwrebap sungat eserleri bilen giňden wasp etmekde medeniýet ulgamynyň öňünde täze wezipeler durýar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredýän täze aýdym-sazlary, kämil eserleri watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli, giň gerimli işlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzda her ýyl höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem il içinde aýdym-saz sungatyna höwesli, yhlasly, başarnykly ýaşlaryň köpdügini görkezýär.

Türkmen Lideri Gutlagynda bu telebäsleşigiň ýaş aýdymçylaryň sungata ykbalyny baglamaga, zehinlerini açyp görkezmäge hem-de kämilleşdirmäge uly ýardam berýändigini nygtap: «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda siziň ýerine ýetirjek aýdym-sazlaryňyz milli äheňlere, döwrebap öwüşginlere eýe bolup, diňleýjileriň göwün töründe ýer almalydyr. Sungata sarpasy hemişe belent bolan türkmen halky ajaýyp döwrümiziň zehinli aýdymçylaryna — size guwanmaga haklydyr. Şonuň üçin hem siziň her biriňiz halkymyzyň ynamyny ödäp, öz zehiniňizi, ukyp-başarnygyňyzy, sungata söýgiňizi tüýs ýürekden açyp görkezmegi başarmalysyňyz» diýip, ýaş ýerine ýetirijilere uly ynam bildirýär.


düýn 22:10
2.3k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
2.8k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
7.7k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
767

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......