Türkmenistan Owganystan boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýar

  • 06.09.2021 08:46
  • 16k+

5-nji sentýabrda sebitiň ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Goňşy ýurtdaky ýagdaýlar onuň esasy temasy boldy. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi. Bu barada mfa.gov.tm internet saýty habar berýär.

Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Owganystandaky häzirki ýagdaýlar hem-de halkara bileleşigiň bu ugurdaky tagallalary, şol sanda sebitiň ýurtlarynyň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi dogrusynda jikme-jik pikir alşyldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary durmuş-ykdysady ugur boýunça, şol sanda energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda iri göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly türkmen tarapynyň Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna saldamly goşant goşýandygyny nygtady.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....