Awaza duşuşygynyň resminamalary Baş Assambleýanyň 75-nji sessiýasynda ykrar edildi

  • 04.09.2021 18:48
  • 7.5k+

6-njy awgustda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy  BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi hem-de agza ýurtlaryň arasynda ýaýradyldy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. 

TmCars.info-nyň ozal hem birnäçe gezek habar berşi ýaly, şu ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu çäre bilen birlikde ýokarda agzalan forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy hem geçirildi. Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň netijelerini nazarda tutup, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul edildi. Zenanlaryň dialogynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasyny kabul edildi.

Olaryň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi bolsa sebitleýin ösüşiň ilerledilmeginde Merkezi Aziýa platformasynyň derwaýyslygynyň aýdyň subutnamasydyr.


düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......