16-njy sentýabrda Türkmenistanyň täze Hökümet münberi açylar

  • 04.09.2021 08:34
  • 22k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 16-njy sentýabrda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Hökümet münberiniň açylyş dabarasy geçiriler. Bu barada Hökümetiň sanly ulgam arkaly 3-nji sentýabrda geçirilen mejlisiniň dowamynda habar berildi.

Türkmen Liderine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, paýtagtymyzda birnäçe desgalaryň, şol sanda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Hökümet münberiniň açylmagy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu desgany 16-njy sentýabrda açmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly täze desgany bezemek boýunça işler amala aşyrylýar. Munuň özi Hökümet münberinde geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň köpöwüşginli bolmagyny üpjün eder.

Bu ýerde 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan esasy dabaralar, şol sanda harby ýöriş hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi guralar.

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de meýilleşdirilen çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere 16-njy sentýabrda Hökümet münberiniň açylyş dabarasyny geçirmegiň takyk wagtyny kesgitlemek barada degişli teklibi taýýarlamagy tabşyrdy.


düýn 17:48
4.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
2.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....