Türkmenistan gallany diňe bol öndürýän däl, gerek bolsa eksport edýän döwletdir

  • 04.09.2021 07:31
  • 5.9k+

Häzirki döwürde senagat taýdan ösen döwleti döretmegiň ýolunda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny we sebitleri sazlaşykly ösdürmäge uly üns berilýär. Oba hojalygynyň dolandyryş usullary düýpli kämilleşdirilip, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Şular barada aýtmak bilen, Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Obalarymyzy sazlaşykly ösdürýäris. Daýhanlarymyz üçin dünýäniň has kämil oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn alýarys. Oba hojalyk ylymlaryny ösdürmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hem köp işler edilýär. Bu bolsa daýhanyň zähmetini ýeňilleşdirmäge, ýerden alynýan hasyly ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge ýardam berýär» diýip belledi.

Türkmen Lideri sapagyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynda edilýän işler barada giňişleýin durup geçip, käbir anyk mysallara ýüzlendi:

  • Irki ekerançylygyň we maldarçylygyň mekany bolan ýurdumyzda baryp, biziň eýýamymyzdan öňki VI-VII müňýyllyklarda ilkinji bugdaý çöregi bişirilipdir.
  • 1904-nji ýylda R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda amerikan ekspedisiýasy tarapyndan Änew düzlüginde bäş müň ýyl mundan ozal ýetişdirilen bugdaý tohumy tapyldy. Munuň özi biziň ülkämiziň ak bugdaýyň mekanydygyny aýdyň subut edýär.
  • Türkmen gawunlaryna hem-de kaklaryna bolsa Ýewropa we Gündogar ýurtlary uly isleg bildiripdir. Taryhy çeşmelerde türkmen gawunlarynyň Bagdada, Hytaýa, Hindistana iberilendigi aýdylýar. Häzir ýurdumyzda gawunlaryň ýüzlerçe görnüşi ýetişdirilýär. Waharman, gülaby, garrygyz ýaly gawunlarymyz halkara sergilerde altyn we kümüş medallara mynasyp boldy.

şu gün 19:20
386

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......