Argentina Türkmenistanda täze ilçi belledi

  • 03.09.2021 07:06
  • 3.8k+

Argentinanyň Hökümeti Eduardo Antonio Suaýny ýurduň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine belledi. Eduardo Suaýn häzirki wagtda Argentinanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolmak bilen, Türkmenistandaky diplomatik wezipesini ýurduň Moskwada ýerleşýän wekilliginden amala aşyrar. Bu barada Argentinanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp internet neşirleri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň fewralyndan bäri Argentinanyň Russiýadaky doly ygtyýarly wekili hökmünde zähmet çekýän Eduardo Suaýn şol bir wagtda Aşgabatda hem diplomatik wezipesini dowam etdirer. Ol hukuk hem-de diplomatiýa ugrundan ýokary bilimli bolup, 1999 — 2006-njy ýyllarda Argentinanyň Italiýadaky ilçihanasynda, 2016-2017-nji ýyllarda Paragwaýdaky diplomatik wekilhanasynda işledi. Eduardo Suaýn şeýle hem 2011 — 2015-nji ýyllarda respublikanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi. Russiýada diplomatik wezipä bellenilmezinden ozal, ol Argentinanyň DIM-niň ýanyndaky Diplomatik gulluk institutyna ýolbaşçylyk etdi.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
982

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......