John Deere sürüjisiz oba hojalyk tehnikalaryny öndürip başlar

  • 02.09.2021 18:12
  • 11k+

Amerikanyň oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän meşhur John Deere kompaniýasy "Bear Flag Robotics" startapyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy 250 million dollar boldy diýip, transler.ru habar berdi.

2017-nji ýylda döredilen bu startap ABŞ-nyň Silikon jülgesinde ýerleşýär. Ol oba hojalyk tehnikalarynyň özbaşdak işlemegi üçin ulgamlary işläp düzmek bilen meşgullanýar. Kompaniýalaryň birleşmegi ýurduň oba hojalyk kärhanalarynda oba hojalyk tehnikalarynyň awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň önümçilige çalt ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. John Deere-iň sürüjisiz ulaglary döretmek boýunça meýilnamalary uzak möhlete niýetlenilip, bu "akylly" tehnikalar müşderileriň isleglerini doly kanagatlandyrar diýlip garaşylýar.

Täze enjamlaryň ählisi häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen öndüriler we olar ýokary öndürijilige hem-de ýokary hile eýe bolarlar. Olaryň has kämilleşdirilmegi daýhanlaryň hasylynyň we girdejileriniň has-da artmagyna görnetin itergi berer diýip, çeşme belleýär.


28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

17.05.2026 14:21
3.9k+

Şalynyň zyýankeş gurçuklary duzaga salmak we öldürmek häsiýetiniň bardygy anyklandy

Arkanzas uniwersitetiniň alymlary şalynyň öz tüýjümek sümmül gurluşyny duzak hökmünde ulanyp, mekge ýapragynyň sowkasyny fiziki taýdan öldürip bilýändigini anykladylar. Bu barada Ecological Processes......

22.03.2026 03:49
3.4k+

«Şençžou-21» ekipažy orbitada ilkinji «kosmos» pomidorlarynyň hasylyny ýygdy

Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyndaky «Şençžou-21» missiýasynyň ekipažy «kosmos pomidorlarynyň» ilkinji hasylynyň üstünlikli ýygnalandygyny habar berdi. Hytaýyň merkezi telewideniýesiniň (CCTV) maglumatyna görä, astronawtlar aeroponika desgasynyň kömegi bilen "çerri" pomidorlary ösdürip ýetişdirdiler...

12.11.2025 18:22
2k+

Türkmen oba hojalyk institutynda agroinnowasiýalar boýunça halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär

12-13-nji noýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär...