ООН: количество стихийных бедствии в мире за последние 50 лет выросло в пять раз

  • 02.09.2021 18:11
  • 8.1k+

Soňky 50 ýylyň dowamynda howa, klimat ýa-da suw baýlyklaryna abanýan howp bilen bagly tebigy betbagtçylyklar ortaça her gün bolup, 115 adamyň ýogalmagyna we her gün 202 mln dollar möçberinde zyýanyň ýetmegine sebäp boldy. Bu barada BMG-niň Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň hasabatynda aýdylýar, maglumatlar guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, rbc.ru belleýär.

Şol bir wagtyň özünde soňky 50 ýylda tebigy betbagtçylyklaryň sany bäş esse artdy. Hasabatyň awtorlary bu hadysany howanyň üýtgemegi, adatdan daşary howa şertleri, şeýle-de olar baradaky maglumatlar bilen paýlaşmagyň gowulanmagy we hasabat derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrdylar. Şol bir wagtyň özünde wagtynda berlen duýduryşlaryň kömegi bilen dünýädäki tebigy betbagtçylyklaryň pidalarynyň sany şol bir 50 ýylda üç esse azaldy.

Bütindünýä meteorologiýa guramasy tarapyndan düzülen ölüm we ykdysady ýitgiler atlasyna görä, 1970 – 2019-njy ýyllar aralygynda adatdan daşary howa, klimat we suw şertleri sebäpli dünýäde 11 müňden gowrak betbagtçylyk hasaba alyndy. Olaryň netijesinde 2 milliondan gowrak adam ýogaldy, zyýan 3,64 trln dollar boldy.

Has köp ölüme getiren tebigy betbagtçylyklar gurakçylyklar (650 000 ölüm), apy-tupanlar (577 232 ölüm), suw joşgunlary (58 700 ölüm) we adatdan daşary temperaturalar (55 736 ölüm) boldy. Ykdysady ýitgiler barada aýdylanda, uly zyýany apy-tupanlar (521 mlrd dollar) we suw joşgunlary (115 mlrd dollar) ýetirdi.

Soňky ýyllarda ykdysadyýete “Harwi” (96,9 mlrd dollar), “Mariýa” (69,4 mlrd dollar) we “Irma” (58,2 mlrd dollar) tupanlary köp çykdajy getirdi. 1970-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda tutuş dünýädäki iň uly on betbagtçylykdan gelen umumy ykdysady zyýanyň 35%-i diňe şu üç tupanyň paýyna düşdi.


21.01.2026 13:22
12k+

ООН сообщила о свыше 500 тысяч пострадавших от наводнения в Мозамбике

Свыше 500 тысяч человек пострадали в результате сильных наводнений в Мозамбике. Об этом сообщил заместитель генерального секретаря ООН по гуманитарным вопросам Том Флетчер. «Более полумиллиона человек пострадали от сильного наводнения в Мозамбике», — написал Флетчер в социальной сети X...

03.08.2025 17:44
16k+

829-километровую молнию в США признали самой длинной в мире

Специалисты Всемирной метеорологической организации при ООН зафиксировали самый длинный в мире разряд молнии. Он произошёл 22 октября 2017 года в небе над США и протянулся от Восточного Техаса до окрестностей Канзас-Сити, пишет Space...

15.12.2024 16:42
2.5k+

Почти 78% суши потеряли влагу за последние 30 лет: выводы экспертов ООН

За последние три десятилетия на 77,6% суши существенно снизилось содержание влаги, а площадь пустынных земель увеличилась на 7,6%. Об этом говорится в новом отчете Конвенции ООН по борьбе с опустыниванием (UNCCD)...

18.05.2023 12:23
16k+

Жертвами ДТП в мире ежегодно становятся 1,3 млн человек

Ежегодно на дорогах погибают около 1,3 миллиона человек, ещё до 50 миллионов получают травмы. Чаще всего дорожно-транспортные происшествия угрожают жизни людям в возрасте 5-29 лет. Каждая четвертая смерть в мире...