Her ýyl dünýäde ýol-ulag heläkçiligi sebäpli 1,3 mln adam aradan çykýar

  • 18.05.2023 12:23
  • 16k+

Her ýyl ýollarda 1,3 mln töweregi adam aradan çykýar we 50 milliona golaý adam şikes alýar. 5-29 ýaş aralygyndaky adamlar üçin ýol-ulag heläkçiligi (ÝUH) ýaşaýyş üçin esasy howp bolup durýar. Dünýädäki her dördünji ölüm pyýadalaryň we welosipedçileriň paýyna düşýär diýip, 15-nji maýda başlanan Global ýol hereketiniň howpsuzlygy hepdeligi mynasybetli BMG belleýär. Muny news.un.org ýetirýär.

2021-2030-njy ýyllar üçin ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hereket onýyllygynyň global meýilnamasy 2030-njy ýyla çenli ÝUH netijesinde ölüm derejesini we şikes ýetme derejesini 50 göterim azaltmagy maksat edinýär.

“Global meýilnamada adamlaryň howpsuzlygyna gönükdirilen ýollara we ýol ulgamlaryna geçmegiň adam janyny gorap saklamaga mümkinçilik berjekdigi nygtalýar. Ilkinji nobatda, şikes almaga ýakyn adamlaryň: çagalaryň we ýetginjekleriň, aýallaryň, mümkinçiligi çäkli adamlaryň, garry adamlaryň, welosipedçileriň we jemgyýetçilik ulaglaryny ulanyjylaryň bähbitlerini göz öňünde tutmaly. Howpsuz, ygtybarly we ekologiýa taýdan arassa transport jemgyýetçilik durmuşynyň köp ugurlarynda oňyn sosial özgerişlere ýardam eder” – diýlip, BSGG-niň Ýewropa býurosynyň ýolbaşçysy, lukman Hans Klýugeniň beýanynda aýdylýar.

BSGG-niň hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlykda her ýyl Global ýol hereketiniň howpsuzlygy hepdeligi geçirilýär. Häzirki, ýedinji hepde hereketiň ekologiýa taýdan arassa serişdelerine bagyşlanandyr: gürrüň, esasanam, pyýada ýöremegiň, welosiped sürmegiň we jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmagyň zerurlygy barada gidýär.
2030-njy ýyla çenli dünýä ilatynyň, takmynan, 70 göteriminiň şäherlerde ýaşamagyna, şonuň üçin jemgyýetçilik ulaglaryna bolan islegiň hem ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýar.


21.01.2026 13:22
12k+

BMG Mozambikde suw joşgunyndan 500 müň adamyň zyýan çekendigini habar berdi

500 müňden gowrak adam Mozambikdäki güýçli suw joşgunlarynyň netijesinde zyýan çekdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça orunbasary Tom Fletçer X sosial ulgamynda habar berdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlarynyň weýran bolmagyna, esasy ýollary suwuň basmagyna we lukmançylyk edaralaryna zyýan ýetmegine getirdi...

03.08.2025 17:44
16k+

ABŞ-da çakan 829 kilometrlik ýyldyrym dünýäde iň uzyn ýyldyrym diýlip ykrar edildi

BMG-niň Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň hünärmenleri dünýäde iň uzyn ýyldyrymy hasaba aldy. Ol 2017-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda ABŞ-nyň asmanynda çakdy we Gündogar Tehasdan Kanzas-Siti töwereklerine uzady diýip, Space...

15.12.2024 16:42
2.5k+

Soňky 30 ýylda gury ýeriň tas 78%-i yzgaryny ýitirdi: BMG-niň bilermenleriniň netijeleri

Soňky üç onýyllygyň dowamynda gury ýeriň 77,6%-inde yzgaryň derejesi ep-esli azaldy, çöl ýerleriň meýdany bolsa 7,6% ulaldy. Bu barada BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasynyň (UNCCD) täze hasabatynda aýdylýar...

16.02.2022 15:17
10k+

BMG häzirki maýlamany soňky 200 müň ýylda iň güýçlüsi hasaplaýar

Häzirki günde syn edilýän global ýylama soňky 200 müň ýylda iň güýçlüsi hasaplanýar. Bu barada Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) Baş sekretary Petteri Taalas TASS-yň baş direktorynyň birinji orunbasary...