BMG: 2040-njy ýyllara çenli Afrika iň soňky buzluklaryny ýitirip biler

  • 21.10.2021 18:10
  • 7k+
BMG: 2040-njy ýyllara çenli Afrika iň soňky buzluklaryny ýitirip biler

Afrikada maýlama Ýerdäki ortaça depgine garanyňda, has çalt bolup geçýär we şol sebäpli 2040-njy ýyllara çenli bu yklym Kilimanjaro, Keniýa we Ruwenzori dag massiwlerindäki buzluklary ýitirip biler. Şeýle çaklama Bütindünýä meteorologiýa guramasy (BMG) tarapyndan birnäçe hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylyp, Ženewada neşir edilen hasabatda getirilýär. Bu barada TASS habar berýär.

“Häzirki wagtda Afrikada diňe üç dag buzluklar bilen örtülendir. Bular Keniýa (Keniýa Respublikasy), Ruwenzori (Uganda Respublikasy) we Kilimanjaro (Tanzaniýa Birleşen Respublikasy) dag massiwleridir. Bu buzluklar uly suw çelegi bolup hyzmat etmek üçin gaty az bolsalar-da, möhüm syýahatçylyk we ylmy ähmiýete eýedirler” – diýip, BMG belleýär. Häzirki wagtda dag buzluklarynyň ereme depgini dünýädäki ortaça depginden has ýokary. “Eger bu dowam etse, 2040-njy ýyllara çenli doly deglýasiasiýa sebäp bolar” – diýip, hünärmenler duýdurýar. Olaryň pikiriçe, ilkinji bolup buzy Keniýa dagy ýitirer, bu Kilimanjaro we Ruwenzori daglaryna garanda, 10 ýyl ir bolup geçer.

Hünärmenler Afrikadaky maýlamanyň Ýerdäki ortaça ýylama garanda has çalt bolup geçýändigini belleýärler. 1991-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli döwür, öz gezeginde, 1931-nji ýyldan 1960-njy ýyla çenli döwre garanda has ýokary ortaça temperatura bilen häsiýetlenen geçen 30 ýyldan has ýyly boldy. Hindi we Atlantik ummanlarynyň Afrikanyň kenarýakasynda ýokary galyş depgini dünýädäki ortaça görkezijiden ýokarydyr. 2020-nji ýylda birnäçe sebitlerde, şol sanda Sahel zonasynda, Gündogar-Afrika rift jülgesinde we Afrikanyň demirgazyk-gündogarynda ygal adatdakysyndan köp boldy. Sudan, Günorta Sudan, Efiopiýa, Çad we başga-da birnäçe ýurtlar suw joşgunyny başdan geçirdi. Madagaskardaky gurakçylyk bolsa gumanitar çökgünlige getirdi.

Çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli Afrikada günde 1,9 dollardan az pula ýaşaýan 118 mln adam gurakçylyga, suw joşgunyna we adatdan daşary yssylyga sezewar bolar. BMG-niň hünärmenleriniň hasaplamasy boýunça, Saharadan günortada ýerleşýän ýurtlar geljek 10 ýylda “heläkçilikler bilen bagly goşmaça kömege has köp çykdajy etmezlik üçin” 30-50 mlrd dollar möçberinde ýyllyk maýa goýuma mätäçlik çekýärler.


18.05.2023 12:23
16k+

Her ýyl dünýäde ýol-ulag heläkçiligi sebäpli 1,3 mln adam aradan çykýar

Her ýyl ýollarda 1,3 mln töweregi adam aradan çykýar we 50 milliona golaý adam şikes alýar. 5-29 ýaş aralygyndaky adamlar üçin ýol-ulag heläkçiligi (ÝUH) ýaşaýyş üçin esasy howp bolup durýar. Dünýädäki her dördünji...

16.02.2022 15:17
10k+

BMG häzirki maýlamany soňky 200 müň ýylda iň güýçlüsi hasaplaýar

Häzirki günde syn edilýän global ýylama soňky 200 müň ýylda iň güýçlüsi hasaplanýar. Bu barada Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) Baş sekretary Petteri Taalas TASS-yň baş direktorynyň birinji orunbasary...

02.09.2021 18:11
7.9k+

BMG dünýädäki tebigy betbagtçylyklaryň 50 ýylyň dowamynda bäş esse ýokarlanandygyny habar berdi

Soňky 50 ýylyň dowamynda howa, klimat ýa-da suw baýlyklaryna abanýan howp bilen bagly tebigy betbagtçylyklar ortaça her gün bolup, 115 adamyň ýogalmagyna we her gün 202 mln dollar möçberinde zyýanyň ýetmegine sebäp...

17.08.2021 12:23
12k+

BMG Gaitidäki ýertitremede zyýan çekenler üçin 8 mln dollar bölüp berer

Birleşen Milletler Guramasy Gaitide bolan ýertitremäniň netijesinde zyýan çekenlere kömek hökmünde azyndan 8 mln dollar iberer diýip, Baş sekretaryň ynsanperwer meseleler boýunça orunbasary Martin Griffits habar...