BMG häzirki maýlamany soňky 200 müň ýylda iň güýçlüsi hasaplaýar

  • 16.02.2022 15:17
  • 10k+

Häzirki günde syn edilýän global ýylama soňky 200 müň ýylda iň güýçlüsi hasaplanýar. Bu barada Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) Baş sekretary Petteri Taalas TASS-yň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde aýtdy diýip, Trend habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, soňky 100 ýylyň wakalary özboluşlydyr. “Biz planetanyň gazylyp alynýan baýlyklaryny – nebiti we gazy ulanyp başladyk, bu hem atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň köpelmegine getirdi, bular, öz gezeginde, atmosferanyň aşaky gatlaklarynyň temperaturasyny ýokarlandyrýan bug gazlarydyr. Şeýle güýçli ýylama eýýäm 200 müň ýyl bäri bolanokdy. Kömür, nebit we gaz ýokary derejede ýakylmadyk halatynda bu hadysanyň bolup bilmejekdigine bolsa örän takyk ylmy subutnamalar bar” – diýip, Taalas düşündirdi.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......